Tagamly we ýokary hilli süýjülikleri bilen tanalýan «Zyýat Hil» konditer dükanlary birnäçe täze medowik tortlaryny döretmek bilen hödürleýän önümleriniň gerimini giňeltdi.
Indi bu meşhur torty halaýanlar diňe bir onuň nusgawy görnüşini däl, eýsem, aşakdaky görnüşlerini hem dadyp görüp bilerler:
Gara medowik «Spartak» – has baý tagamy halaýanlar üçin.
Kokosly medowik – süýjülige ekzotik tagam berýän näzik kokos bölejikli tort.
Hozly medowik – hozuň goşulmagy bilen, ony has doýuryjy we tagamly edýär.
Medowik tortlary iki göwrümde sargyt üçin elýeterlidir: 3 kg we 5 kg.
«Zyýat Hil» konditer dükanlarynda tortlaryň hemişe bardygyny nygtaýarlar.
Ýatlatsak, «Zyýat Hil» dükanlarynyň konditer önümleri diňe Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, Gökdepe etrabynda hem elýeterlidir. Kelejar, Şorgala we Bäherdene çenli beýleki ilatly nokatlarda 150 manatdan gowrak sargyt edilende eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 we (+993 62) 02 13 63.
Şeýle-de okaň: