Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKSOÝ tarapyndan Türkmenistanda Ependi hakynda çeper film surata düşüriler

14:5903.05.2024
0
17744

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň çäginde «Molla Nasreddin — agyr günleriň dosty» atly doly metražly film surata düşüriler. Bu barada HHM habar berdi.

Filmiň režissýory azerbaýjanly kinematografçy Wagif Mustafaýew bolar. Ol Molla Nasreddin baradaky filmiň umumy türki gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna we gahrymanlaryna bagyşlanjakdygyny belledi. Film türki döwletleriň atlysynyň bilelikdäki taslamasy bolar. Onda her ýurtdan meşhur aktýorlar çykyş eder. Film awgust aýynda düşürilip başlanar we ýylyň ahyryna çenli tamamlanar.
Çeşmäniň habaryna görä, film TÜRKSOÝ tarapyndan maliýeleşdirilýär. Ol Kann film festiwalynda we beýleki halkara festiwallarda görkeziler.
Hoja Nasreddiniň Türkmenistanda Ependi ady bilen tanalýandygyny ýatladýarys. Türki dilli ýurtlarda meşhur bolan Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hem girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň