«Titanik» gämisiniň iň baý ýolagçysynyň jübi sagady auksionda rekord baha – 1,175 million funt sterlinge satyldy. Bu barada «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.
Sagady ABŞ-dan bolan şahsy toplaýjy satyn aldy.
Jübi sagady rowaýaty gäminiň iň baý ýolagçysy – 47 ýaşly telekeçi Jon Jeýkob Astora degişli eken. Ol gämi gark bolup başlanda, aýaly Madleni halas ediş gaýygynda ugradyp, özi-de gämi bilen bile gark bolupdyr.