Arhiw

Türkmenistanyň gümrük işgärleri ÝB ýurtlarynyň uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak tejribesini öwrendiler

10:2927.04.2024
0
10140

24-25-nji apreli aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasynyň (BOMKA) tehniki missiýasynyň Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine sapary guraldy. Bu saparyň maksady Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça maslahatlary we tehniki çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr diýlip, gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, çäräniň dowamynda Riganyň Tehniki Uniwersitetiniň bilermenleri Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekillerini uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmagyň konsepsiýasyny we tehnologiki mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde, ösdürmekde hem-de işgärleri taýýarlamakda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşdyrdy.

Duşuşygyň netijesi boýunça işgärleri taýýarlamak, okatmagyň usulyýetlerini kämilleşdirmek ulgamynda tehniki çözgütleriň, programma üpjünçiliginiň, enjamlaryň we infrastrukturanyň seljermesi geçirildi. Şeýle hem bu ýerde uzak aralykdan okatmagyň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Uzak aralykdan tehnologiýalary ulanmak arkaly okatmak usuly işgärleri taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda oňyn çemeleşmäni üpjün edýär, şol bir wagtda okatmak üçin mümkinçilikleri ýokarlandyrýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň