Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär

14:0417.04.2024
0
13280
Russiýada suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý ýitileşýär
Surat: orenburg-news.net

Russiýanyň Ural ülkesinde güýçli meýdan suw süýşgünlerine garşy göreş dowam edýär diýip, «24KZ» habar berýär.

Ural, Tobol we Işim derýalary kenaryndan çykdy. Suw Týumen oblastyna tarap barýar diýip, ýurduň Prezidenti Wladimir Putiniň metbugat gullugy habar berdi.

Suw akymlary Burýatiýa ýetdi. Ulan-Udede birgiden hojalyklary suw basdy. Iwolgin we Pribaýkal etraplarynda-da ýagdaý dartgynly. Muňa Selenge derýasynyň öz hanasyndan agmagy sebäp boldy.

Işim derýasynda-da suwuň derejesi barha ýokarlanýar. Eger ol hanasyndan çyksa, 7,5 müň adama howp salar.

Tobol derýasynyň suwy apreliň aýagynda hanasyndan çykar diýlip çaklanýar. Orenburg oblastynda bolsa, suw süýşgünleri bilen bagly ýagdaý kadalaşýar. Orskini suwdan arassalaýarlar. Ýörite gulluklar ýangyn söndüriji we suw sorujy toplumlary peýdalanýarlar. Oblastda suw 15 müň öýi gark etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň