«Galkan» Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşynda ikinji ýeňşini gazandy

13:5616.04.2024
0
14801

Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynda Türkmenistana wekiliçilik edýän «Galkan» kluby ikinji ýeňşini gazandy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine degişli «Galkan» topary birinji oýnunda 8:1 hasabynda Bahreýniň adybir hokkeý klubuny ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji oýunda bolsa «Galkan» Omanyň «Oman Khanjars» toparyndan 15:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, iki oýunda hem uly hasap bilen ýeňiş gazanan «Galkan» topary 6 utuk bilen «A» toparçada liderlik edýär.

Türkmen topary indiki oýnuny ertir Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da Eýranyň «Ice Box» klubyna garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň