Soňky habarlar

Arhiw

Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar

11:1516.04.2024
0
8042
Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar
Surat: ren.tv

Kolumbiýanyň Bogota şäheriniň ýaşaýjylaryny suwuň sarp edilişini azaltmak üçin iki bolup suwa düşmäge, eger öýde galmakçy bolsalar, asla suwa düşmezlige çagyrdylar. Bu barada «The Guardian» neşirine salgylanýan «Ren.tv» habar berýär.

Munuň sebäbi 2024-nji ýylda Günorta Amerikada El-Nino hadysasy sebäpli güýçli guraklyk hasaba alynýar. Netijede, suw ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, häzirki suw gorlary takmynan 54 güne ýeter.

Munuň üçin Bogotanyň häkimiýetleri şäheri dokuz zolaga bölüp, olarda nobatma-nobat 24 sagatlap suw üpjünçiligini kesmekçi bolýarlar. Şeýle-de eger ýaşaýjylary ýekşenbede we hepdäniň islendik gününde öýlerinden çykmak meýilleri bolmasa, ýuwunmazlyga, gymmatly suwy tygşytlamaga çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň