Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler

11:2913.04.2024
0
11571
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestri kitap görnüşinde çap ediler
Surat: zamanturkmenistan.com.tm

Şu ýyl Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleriniň Döwlet reýestrini kitap görnüşinde çap etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda toplanan ylmy maglumatlary öz wagtynda çap etmek, geljekki nesillere miras goýmak, şeýle-de olar bilen Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň alymlaryny hem hünärmenlerini tanyşdyrmak maksady bilen, "Türkmenistanyň gadymyýeti", "Köneürgenjiň arhitektura mirasy", "Merwiň taryhy-medeni ýadygärlikleri", "Nusaýyň Parfiýa galalary" atly kitaplar hem-de "Asyrlaryň yzlary" atly ýöriteleşdirilen ylmy neşir çap edildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen dünýäniň tanymal ylmy merkezleriniň arasynda ozal gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, Goňurdepe ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-rus, "Togolok 1" ýadygärliginde bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, şeýle hem Köne Nusaý galasynda bilelikdäki türkmen-italýan arheologiýa toparynyň, Daňdanakan galasynda bolsa bilelikdäki türkmen-amerikan arheologiýa toparynyň işleriniň dowam etmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň baý medeni mirasyny giňişleýin öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biridigini belledi. Döwlet Baştutany ýurduň sebitlerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiki ylmy-barlag we rejeleýiş işlerini yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere bu ugurdaky Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegi dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň