15-nji aprelde Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçiriler.
Duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Geňeşe agza döwletler bolan Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAE-niň, Omanyň we Saud Arabystanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Duşuşykda 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jiddada geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine serediler. Şeýle-de, syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýumlary, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylda Samarkantda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk barada pikir alşylar.
Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki dialogyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannamanyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.