Top.Mail.Ru

Aşgabatda we Daşoguzda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri geçiriler

20:1312.04.2024
0
7568

Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýewiň sözlerine salgylanyp, «TASS» habar berýär.

«Şu ýylyň ahyrynda, ýagny oktýabr aýynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günlerini geçirmeklik meýilleşdirilýär. Biz bu çäräniň üstünlikli geçjekdigine pugta ynanýarys hem-de Russiýa Federasiýasynyň medeniýetiň dürli ugurlaryna wekilçilik edýän sungat we döredijilik ussatlaryndan ybarat uly wekiliýetine garaşýarys» diýip, ilçi belledi.

Şeýle-de, ilçi E.Aýdogdyýew deslapky meýilnama laýyklykda, Russiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde geçirmekligiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň