Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň Kanuny çap edildi

10:1309.04.2024
0
15140

Türkmenistanyň Gidrometeorologiýa işi hakynda Kanuny çap edildi.

Kanun gidrometeorologiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de döwlet häkimiýet edaralaryny, ýuridik we fiziki şahslary gidrometeorologiýa maglumatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanun 5 bapdan ybaratdyr.

Gidrometeorologiýa işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de gidrometeorologiýa işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Kanun Türkmenistanyň çäginde ylmy taýdan esaslandyrylan tehnologiýalar arkaly gidrometeorologiýa gözegçiliklerini geçirmegiň, gidrometeorologiýa maglumatlaryny toplamagyň, işläp taýýarlamagyň, seljerme geçirmegiň netijesinde umumylaşdyrmagyň, çaklamalary düzmegiň, wagtlaýyn ýa-da hemişelik saklamagyň we peýdalanmagyň bitewüligi; gidrometeorologiýa işiniň Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň işine laýyklykda utgaşdyrylmagy ýaly ýörelgeleri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň