Soňky habarlar

Arhiw

WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi

10:3108.04.2024
0
7835
WWA: Dünýäde sil joşgunlary has-da güýçlendi
Surat: newdaynews.ru

Dünýäde suw gatlalary sil joşmalarynyň öňünde ejiz gelýär, sebäbi olaryň gurluşygynda könelen howa maglumatlaryndan peýdalanyldy. Köplenç şeýle binalar tebigy hadysanyň öňüne böwet bolmakdan ejiz gelýärler. Bu barada World Weather Attribution halkara guramasy habar berýär diýip, «24KZ» ýazýar. Gurama Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Fransiýadan, ABŞ-dan, Hindistandan we Şweýsariýadan klimatologlary özüne birleşdirýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi bütin dünýäde güýçli şabgalaryň we sil joşgunlarynyň töwekgelçiligini on esse artdyrýar.

Ygallaryň ýygjamlaşmagyna parnik gazlaryň howa taşlanýan zyňyndylarynyň artmagy sebäp bolýar.

Şeýle hem dünýäde bir ýarym milliard adama suw joşmalarynyň howp salýandygy habar berilýär. Netijede, her ýyl dünýäde bu tebigy betbagtçylykdan 50 milliard dollar ýitgi çekilýär. Bu barada maglumatlar «Nature» žurnalynda ýerleşdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň