Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmenportal" 2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny sylaglady

01:5601.02.2016
0
16237

31-nji ýanwarda «Turkmenportal» saýtynyň redaksiýasynda okyjylaryň ses bermeginde saýalanan 2015-nji ýyl boýunça Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy sylaglanyldy. Saýtyň okyjylarynyň arasynda 25-nji ýanwardan 30-njy ýanwara çenli geçirilen ses berlişikde jemi 30 futbolçy dalaşgär görkezilip, olara «Line», «Vkontakte» we «Odnoklassnik» sosial-aragatnaşyk ulgamlary boýunça ses berildi.

Sosial-aragatnaşyk ulgamlarynyň üçüsi boýunça jemi berlen 6068 sesiň 2693-sini ýurdumyzyň futbol ýygyndFysynyň nobatdaky dünýä we Aziýa çempionatyndaky saýlama tapgyrynda ilkinji pökgüsini geçiren 24 ýaşly ýarym goragçy Ruslan Mingazow 2015-nji ýylyň jemleri boýunça «Turkmenportalyň» okyjylarynyň saýlan iň gowy futbolçysy boldy.  

Ses berlişikde ikinji orny milli ýygyndymyzyň we Özbegistanyň «Almalyk» toparynyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow eýeledi, ol janköýerlerden 746 ses aldy. Iň gowularyň üçlügini 213 ses bilen milli ýygyndymyzyň we «Balkan» toparynyň goragçysy Mekan Saparow jemledi.  Özbegistanyň «Nasaf» topary bilen üç gezek bürünç medala we ýurduň Kubogyna mynasyp bolan 30 ýaşly ýarym goragçy Artur Geworkýan Mekan Saparowdan bary-ýogy 7 ses az toplap, dördünji orna mynasyp boldy.

Geçen ýyl «Ahal» bilen AFK-nyň Kubogynyň toparçalaryndan çykyş eden tejribeli goragçy Süleýman Orazow 189 ses gazanan bolsa, türkmen futbolçylarynyň Aziýa çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna çykmagyna uly goşant goşan futbolçylar Guwanç Abylow («Hazyna») bilen Süleýman Muhadow («Altyn asyr») 174 toplap, altynjy, ýedinji orunlary paýlaşdylar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen milli ýygyndymyzyň tejribeli kapirany Ahmet Ataýew Guwançdyr Süleýman 11 ses az toplady. Dokuzynjy orunda — «Merwiň» futbolçysy Ilýa Tamurkin (125 ses). Iň gowularyň onlugyny bolsa milli ýygyndymyzyň we «Ahalyň» derwezesini goran Nikita Gorbunow jemleýär.

Sizi dalaşgär görkezilen futbolçylaryň gazanan sesleri bilen dolulygyna tanyşdyrýarys:

  1. Ruslan Mingazow («Ýablones», Çehiýa), vk — 2166, ok — 13, line — 514, jemi — 2693
  2. Arslanmyrat Amanow («Almalyk», Özbegistan), vk — 101, ok — 4, line — 641, jemi — 746
  3. Mekan Saparow («Balkan»), vk — 58, ok — 25, line — 130, jemi — 213
  4. Artur Geworkýan («Nasaf», Özbegistan), vk — 98, ok — 6, line — 102, jemi — 213
  5. Süleýman Orazow («Ahal»), vk — 22, ok — 15, line — 152, jemi — 189
  6. Guwanç Abylow («Hazyna»), vk — 91, ok — 2, line — 81, jemi — 174
  7. Süleýman Muhadow («Altyn asyr»), vk — 85, ok — 7, line — 82, jemi — 174
  8. Ahmet Ataýew («Altyn asyr»), vk — 60, ok — 13, line — 100, jemi — 163
  9. Ilýa Tamurkin («Merw»), vk — 30, ok — 10, line — 85, jemi — 125
  10. Nikita Gorbunow («Ahal»), vk  — 54, ok — 2, line — 65, jemi — 121
  11. Söhbet Allanurow («Merw») , vk — 18, ok — 1, line — 81, jemi — 100
  12.   Şöhrat Söýünow («Altyn asyr»), vk — 25, ok — 2, line — 62, jemi — 89
  13. Myrat Ýagşyýew («Balkan»), vk — 19, ok — 3, line — 56, jemi — 78
  14. Altymyrat Annadurdyýew («Ahal»), vk — 16, ok — 3, line — 58, jemi — 77
  15. Berdi Şamyradow («Aşgabat»), vk — 40, ok — 4, line — 31, jemi — 75
  16. Umidjan Astanow («Altyn asyr»), vk — 20, ok — 1, line — 54, jemi — 75
  17. Didar Durdyýew («Hazyna»), vk — 41, ok — 1, line — 31, jemi — 73
  18. Hamza Allamow («Daşoguz»), vk — 23, ok — 1, line — 47, jemi — 71
  19. Bahtiýar Hojaahmedow («Altyn asyr»), vk — 17, ok — 0, line — 51, jemi — 68
  20. Kerim Hojaberdiýew («Energetik»), vk — 14, ok — 4, line — 49, jemi — 67
  21. Serdaraly Ataýew («Balkan»), vk — 2, ok — 0, line — 65, jemi — 67
  22. Hemra Amanmämmedow («Şagadam»), vk — 15, ok — 4, line — 44, jemi — 63
  23. Mekan Nasyrow («Energetik»), vk — 10, ok — 0, line — 45, jemi — 55
  24. Ýewgeniý Tkaçenko («Şagadam») , vk — 15, ok — 1, line — 35, jemi — 51
  25. Nurýagdy Muhammedow (HTTU), vk — 14, ok — 2, line — 35, jemi — 51
  26. Merdan Galpakow («Daşoguz»), vk — 20, ok — 0, line — 28, jemi — 48
  27. Mämmet Orazmuhamedow («Altyn asyr»), vk — 8, ok — 0, line — 37, jemi — 45
  28. Aşyrgeldi Ylýasow («Balkan»), vk — 7, ok — 0, line — 35, jemi — 42
  29. Ruslan Kurbanow («Aşgabat»), vk — 15, ok — 10, line — 21, jemi — 36
  30. Wezirgeldi Ylýasow (HTTU), vk — 5, ok — 0, line — 28, jemi — 33.

Ses berlişigiň ýeňijisi Ruslan Mingazowyň häzirki wagtda Çehiýadalygy sebäpli, onuň üçin taýýarlanan baýrak — «Turkmenportalyň» kubogy ýarym goragçynyň kakasy, Aşgabadyň «Köpetdagynyň» we milli ýygyndymyzyň öňki futbolçysy Kamil MIngazowa gowşuryldy.

 

Ruslan Mingazowa "Türkmenportal" tarapyndan gowşurylan Kubok

Ol baýragy kabul etmek bilen:

— Ruslanyň «Turkmenporatlyň» okyjylary tarapyndan ýylyň oýunçysy saýlanylmagy biziň maşgalamyz üçin uly şatlykdyr. Oglumyň Türkmenistanda janköýeriniň kändigini bilmek meniň üçin hem ýakymly duýgy — diýip, şatlygyny paýlaşdy.

— Sosial-aragatnaşyk ulgamlarynda geçirilen ses berlişigi yzarladyňyzmy?

— Şeýle ses berlişigiň başlanyndan habarym bardy. Ony hem dostlarymdan eşitdim. Line arkaly futbolçylara ses hem berdim. Ýöne entek şahsy hasaplarymy döretmänligim üçin, «Odnoklassnikde» we «Vkontakteda» ses berip bilmedim.

— Şu ses berlişikde ogluňyzyň ýeňiji boljakdygyna ynamyňyz bardymy?

— Elbetde. Ýeri gelende, Ruslany janköýerleriň Aşgabatda mähirli garşylandygyny, onuň bilen söhbetdeşlikleriň guralandygyny, janköýerleriň ondan ýadygärlik ýazgylary alýandygyna gabat gelendigimi aýtmak isleýärin. Umuman, Ruslanyň Türkmenistanda janköýeri köp.

— Şeýle ses berlişikleriň geçirilip durulmagy baradaky pikirleriňizi hem biläýsek.

— Okyjylaryň, şol sanda futbol janköýerleriniň gyzgyn söýgüsini, saňa bolan hormatyny gazanyp bilmek — bu-da ýaşyl meýdanda futbol oýnan ýaly bir göreşdir. Belki, ses berlişigiň ýeňijisi meniň oglum däl-de, başga bir futbolçy hem bolup biler. Ýöne iň gowularyň arasynda adyňy görmegiň özi hem ýakymly duýgy. Galyberse-de, şeýle ses berlişikler ýaşlaryň arasynda sporta höwesekleriň sanynyň artmagyna ýardam berýär. Şeýle möhüm işiň başlangyjy bilen orta çykanlygy üçin «Turkmenportalyň» redaksiýasyna öz hoşallygymy bildirýärin. Men şeýle ses berlişikleriň ýygy-ýygydan geçirilmeginiň tarapdary. Özi-de dürli-dürli ýollar bilen.

— Biz sizi türkmen futbolynyň iň ýatda galyjy futbolçylarynyň biri hökmünde tanaýarys. Aşgabadyň «Köpetdagy» bilen öňki SSSR-iň Kuboklarynda, çempionatlarynda, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hatarynda yklym we dünýä derejeli ýaryşlarda görkezen ussatlygyňyz janköýerleriň entek-entek ýadynda. Indi bolsa siziň ogluňyzyň Mingazowlaryň maşgala şöhratyny dowam etdirýär. Biz futbolçy Mingazowlaryň üçünji nesline-de garaşyp bilerismi?

— Nesip bolsa! Meniň hem, oglumyň hem ykbalymyz futbol bilen bagly. Belki agtyklarym hem futboly saýlar. Häzirlikçe bolsa meniň gyz agtyjagym bar, onuň dünýä inenine 5-nji fewralda 3 aý bolýar. Geljekde dünýä injek ogul agtyklarymyň meniň we Ruslanyň ýoluny ýöretjekdigine özüm hem ynanýaryn we garaşýaryn.

Redaksiýadan: baýrak gowşurylyş dabarasynda Skype arkaly Çehiýa baglanyp, Ruslan Mingazowyň özi bilen hem söhbetdeş bolduk. Okyjylarymyzyň saýlamagynda 2015-nji ýylda Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy bolan Ruslan Mingazow bilen guralan şol söhbetdeşligi siz ýakyn wagtda www.turkmenportal.comda okap bilersiňiz. Biziň makalalarymyzy yzarlaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň