Türkmenistan Täjigistana elektrik energiýasyny we gaz ibermäge taýýardygyny mälim etdi

11:3306.04.2024
0
10248

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Duşenbede Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzada bilen geçirilen duşuşygynyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde energetika ulgamyna garamagy teklip etdi. Bu barada TDH ýazýar.

Duşuşykda aýdylyşy ýaly, gürrüň, hususan-da, türkmen elektrik energiýasyny we tebigy gazyny Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana ibermek barada barýar. Şunda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda iki ýurduň tejribesiniň bardygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň şeýle gatnaşyklary dikeltmäge we ony yzygiderli esasda amala aşyrmaga, elektrik energiýasyny, tebigy gazy ibermegiň tehniki, guramaçylyk we beýleki meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunda, zerur bolan halatynda, özbek tarapynyň bilermenleriniň hem gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygy guramak maksadalaýyk hasaplanýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan türkmen nebit önümlerini ibermek ulgamynda Täjigistan bilen gatnaşyk edýär we täjik tarapynyň isleglerine laýyklykda, olaryň möçberini artdyrmaga hem taýýardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň