Türkmenistan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Täjigistanyň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly meseläni öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň duşuşygyny guramaga taýýar.
Bu barada Duşenbede Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzadanyň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.
Söhbetdeşlikde bellenilişi ýaly, ozal, 2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Duşenbede geçirilen iki ýurduň eksport harytlarynyň sergisiniň hem-de bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda Täjigistanyň telekeçileri türkmen dokma önümlerine uly gyzyklanma bildirdiler. Şonda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetinde geçirilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan türkmen kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dostlukly döwletiň çäginde dokma fabrigini döretmek boýunça ilkinji taslamany durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine garamaga taýýarlyk tassyklanyldy. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki hökümetara toparynyň işine, şeýle hem Türkmen-täjik işewürler geňeşine möhüm orun berilýär. Bu barada TDH ýazýar.