Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda 8 sany hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi

22:0503.04.2024
0
17012

27-28-nji martda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda 8 sany hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi. Bu barada HHM habar berýär.

Şeýle-de Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda iki ýurduň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň ýygnagy guralyp, onuň çäklerinde 17 sany türkmen kompaniýasyna Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada maglumat berildi. Hususan-da, Gyrgyzystandaky syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleri ýurtdaky syýahatçylygyň esasy ugurlary barada maglumatlary paýlaşdylar. Şeýle hem ýygnakda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada broşýuralar we kitapçalar görnüşinde wideomateriallar görkezildi we çap edilen materiallar tanyşdyryldy.

Hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekişmek döwletleriň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Iki ýurduň degişli ugurda iş alyp barýan kompaniýalary bilelikdäki gezelençleri guramak we syýahatçylary özara akymyny artdyrmak barada pikir alyşmak üçin mümkinçilik aldylar.

Syýahatçylyk pudagynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň indiki tapgyry Gyrgyzystana türkmen syýahatçylyk kompaniýalary üçin okuw saparyny guramak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň