Britan alymlary ýeralmanyň genlerini redaktirlemäge çenli baryp ýetdiler. Olar ýeralma DNK-synyň öýjükleriniň ýumşama tizligine gözegçilik edýän bölegine üýtgetmeleri girizmekçi bolýarlar. Netijede, täze ýeralma sarp edijiler üçin aňrybaş derejede ýaramly bolar diýip, alymlar hasaplaýarlar.
Bu synaglara agrotehnologlary ýeralmanyň uzak wagtda bişýändigi iterdi. Munuň üçin Beýik Britaniýada hatda ýeralma isleg hem peselýär, sebäbi ony taýýarlamak üçin uzak wagt sarp etmek islemeýärler.
Indi täze synagyň netijesinde, bu bakja önümini taýýarlamak üçin edil tüwi ýa-da makaron ýaly az wagt gerek bolar. Eger ählisi göz öňünde tutuluşy ýaly bolsa, ilkinji gen-redaktirlenen ýeralma telekeçilik kärhanalary, mysal üçin, çipsleri öndürijiler üçin elýeterli bolar, soňra giň satuwa çykar.
Oba hojalykçy alymlaryň täze işläp düzmesi ýeralmanyň saklanyş möhletine, kesellere durnuklylygyna hem oňyn täsir eder diýlip, habarda bellenýär. Sebäbi ýeralmanyň tiz zaýalanmagy britan senagatçylaryna uly ýitgi getirýär.
Bu barada «Mail.ru» ýazýar.