«Şerbetli Ak Gar» HJ: türkmen bazarynda uly islegli süýji önümleri

14:5501.04.2024
0
880

«Şerbetli Ak Gar» hojalyk jemgyýeti amatly bahasy we ýokary hili bilen tapawutlanýan dürli görnüşli gant hem-de süýji önümlerini alyjylara hödürleýär. Kärhananyň önümleriniň düzümi arassa ýerli çig mal bilen üpjün edilip, ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän haryt görnüşleri yzygiderli artdyrylýar.

Häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhanada gaty karamel, çeýnelýän huruşly we huruşsyz süýjüler, dürli hili oýnawaçly ýumurtgalar, taýajykly karameller, şeýle-de konditer önümçiliginde ulanylýan hamyr gabartmasy, şeker, kakao tozlary, şekerli wanilin we beýleki süýji önümleri öndürilýär. Olaryň hatarynda «Taffy», «Taffytof», «Datly süýji» ýaly haryt nyşanly önümlere diňe bir çagalar däl, eýsem, uly ýaşlylar hem uly isleg bildirýärler.

2011-nji ýylda esaslandyrylan kärhana gysga wagtyň içinde türkmen bazarynda önümleriniň datly tagamy, bahalarynyň elýeterliligi hem-de import edilýän önümlerden pes bolmadyk hili bilen uly meşhurlyga eýe boldy. Kärhana kuwwatlygyny ýylsaýyn artdyryp, häzirki günde onuň ýyllyk önümçiliginiň möçberi 4200 tonna önümden hem geçdi.

Kärhanada 100-e golaý hünärmeniň, şol sanda gelin-gyzlaryň zähmet çekýändigi ýaşlar syýasatyna eýerilip, olaryň iş üpjünçiliginiň göwnejaý ýetirilýändigini görkezýär. Şunuň bilen birlikde, ýaş hünärmenler täzeçil usullary önümçilige netijeli ornaşdyrmakda döwrebap ýörelgelere esaslanmakda zerurlyklara we jemgyýetçilik isleglerine has oňat düşünýärler.

«Şerbetli Ak Gar» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Täze durmuş obasynyň golaýyndaky Senagat zolagynda ýerleşýär. Ýeri gelende belläp geçsek, kärhana Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilere işjeň gatnaşyp, önümlerini yzygiderli tanyşdyrýar. Bu süýji önümleriniň ISO 9001 hil üpjünçiligi we ISO 22000 azyk howpsuzlygy ýaly halkara şahadatnamalary bilen tassyklanylmagy bolsa önümleriň tejribeli hünärmenler tarapyndan ýokary derejeli hil gözegçiliginden geçirilýändigine, önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna doly güwä geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň