Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna ÝGPJ-niň esaslyk maýasyndaky paýnamalary hususylaşdyrmak barada teklip hödürlendi

05:5230.03.2024
0
10575

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan döwletiň paýly gatnaşmagynda döredilen hojalyk subýektlerindäki degişli paýlary döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak boýunça seljermeler yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak baradaky teklip hödürlenildi. Paýdarlar jemgyýetiniň esasy iş ugurlary lomaý söwda, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek, maýa goýumlary çekmek hem-de telekeçilik işini alyp barmak bilen baglydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de ony dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
- Munuň özi ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi netijeli ösdürmäge ýardam berer --- diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň