Arhiw

Aşgabatda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin okuwlaryň 3-nji tapgyry badalga aldy.

15:3429.03.2024
0
8080

Ýakynda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň 5-6-njy modullaryna badalga berildi. Bäşinji hem-de altynjy modullary 6-njy aprele çenli dowam etjek tälimçilik okuwynyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýet hem-de tejribe sapaklaryny geçerler. Bu barada TFF habar berýär.

Tälimçilik okuwynyň nazaryýet sapaklary «Arçabil» myhmanhanasynda, tejribe sapaklary bolsa «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýär. Tälimçilik okuwynyň ilkinji dört modullarynyň geçen ýylyň dowamynda geçirilendigini ýatladýarys.

Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirilýär. Moldowaly hünärmene bu ugurda ýerli hünärmen, AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow kömekleşýär.

Tälimçilik okuwy nazaryýetdir tejribe sakaklaryny öz içine alyp, oňa ýerli tälimçileriň 15-si gatnaşýar (ýurdumyzyň futbol çempionatyna gatnaşýan toparlaryň hem-de ýygyndy toparymyzyň tälimçileri).

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwyny 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 31-nji iýuly aralygynda geçirmekligiň meýilleşdirilendigini bellemek gerek. Dört tapgyrda geçirilýän tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat bolar.

Tälimçilik okuwynyň soňunda bellenilen synaglary üstünlikli tabşyranlarа AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň