Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar

11:4828.03.2024
0
10254
Boaodaky Aziýa forumyna 60 ýurtdan 2 müň wekil gatnaşýar
Surat: gochina.ru

Öňňin, 26-njy martda Hytaý Halk Respublikasynyň Haýnan ülkesindäki Boao ilatly ýerinde Boao Aziýa forumy (BAF-2024) öz işine başlady. Guramanyň baş sekretary Li Baodun 60-dan gowrak ýurtdan we sebitden gelen 2 müňden gowrak, şeýle-de dünýäniň 40 ýurdundan we sebitlerinden gelen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini forumyň işine başlamagy bilen gutlady. Bu barada «Russian.china.org.cn» saýty habar berýär.

Li Baodun duşuşygyň bu gezekki temasynyň «Aziýa we dünýä: umumy töwekgelçilikler we umumy jogapkärçilik» diýlip atlandyrylandygyny, onuň öz içine dünýä ykdysadyýeti, ylmy-tehniki innowasiýalar, sosial ösüş, halkara hyzmatdaşlyk we töwekgelçiliklere garşy bilelikdäki tagallalar diýen meseleleri alýandygyny habar berdi.

BAF-2024 duşuşygynyň çäklerinde ady agzalan mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar.

BAF-2024 forumy 29-njy marta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň