Russiýaly kino prodýuseri Gewond Andreasýan «Manýunýa: Moskwadaky başdan geçirmeler» atly täze maşgala komediýasynda gahrymanlaryň biriniň merhum aktýor Ýuriý Nikulin boljakdygyny habar berdi. Bu barada «Kino.mail.ru» habar berýär.
Andreasýan filmi döredijileriň artistiň keşbini ulanmak üçin onuň maşgalasyndan rugsat alandyklaryny aýtdy. Aktýoryň keşbini döretmek üçin 8 aý işlenildi.
Täze filmdäki wakalar 80-nji ýyllaryň başynda bolup geçýär. Nikulin onda esasy gahrymanlaryň biridir.