Prezident Serdar Berdimuhamedow "Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri" atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýokary wezipeli myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge gönükdirilen forumyň ähmiýetini nygtady hem-de saparyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi, şeýle hem tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda özara bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
- Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biz hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladyk --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň entek doly ulanylmaýandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän has netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagy goldaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Tebigy-howa şertler, uly taryhy-medeni mümkinçilikler, baý milli däp-dessurlar, täze we ýokary hilli infrastruktura üpjünçiligi milli syýahatçylygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar. Türkmenistan ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Ýurduň paýtagty Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde yglan edildi we onuň köp sanly ajaýyplyklary hem dünýä rekordlarynyň kitabyna girizildi.
- Türkmenistanyň gadymy döwürlerden bäri siwilizasiýalaryň merkezi bolandygyny, bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigini bellemek möhümdir. Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň täsin medeni mirasy, gadymy geçmişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär --- diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Duşuşykda Köpetdagyň ajaýyp dag künjekleriniň, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, Amyderýanyň kenarýaka zolaklarynyň, Köýtendagyň, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň ekologik syýahatçylyk üçin ajaýyp ýerlerdigi bellenildi. Şeýle-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy, onuň maksatlarynyň Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de netijeli teklipleriň ählisine garamaga taýýardygyny tassyklap, Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.