Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» bilen geleşik baglaşdy

11:0827.03.2024
0
10617

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 26-njy martdaky söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.

Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler suwuklandyrylan gazy we «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 684 000 manatlyk we 315 200 dollarlyk 3 geleşik baglaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň