Türkiýede «Turkmenistan Airlines» milli awiakompaniýasynyň türk dilindäki resmi saýty işe başlady

14:5526.03.2024
0
20593

Türkmenistanyň «Turkmenistan Airlines» milli awiakompaniýasy Türkiýede türk dilindäki resmi saýtyny işe girizdi. Bu barada HHM habar berýär.

Täze açylan web sahypasy arkaly Visa, Mastercard, PayTR we ş.m. töleg ulgamlarynda hereket edýän halkara bank kartlaryny ulanyp, «Turkmenistan Airlines» milli awiakompaniýasynyň uçuşlaryna petek satyn almak mümkin.

Häzirki wagtda Russiýada hem «Turkmenistan Airlines» milli awiakompaniýasynyň baş agentiniň web sahypasy barwe onuň üsti bilen Mir töleg ulgamy arkaly kompaniýanyň uçuşlary üçin petekleri satyn alyp bilersiňiz.

«Türkmenhowaýollarynyň» resmi web sahypasynda bolsa «Altyn asyr» milli töleg ulgamynda işleýän bank kartlarynyň üsti bilen petekleri satyn almaga mümkinçilik döredilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň