Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

11:5026.03.2024
0
11265

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar syýasat, ykdysadyýet, ulag, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy barada jikme-jik gepleşikler geçirdi. Şeýle-de gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meseleler barada pikir alyşdylar.

Diplomatlar soňky iki ýylda iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösüşini bellediler.

Duşuşykdan soň söhbetdeşler berk dostluk we gowy goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň