Soňky habarlar

Arhiw

«Boeing» kompaniýasynyň başlygy ýylyň aýagynda iş başyndan gider

09:2126.03.2024
0
7804

«Boeing» amerikan kompaniýasynyň başlygy Deýw Kelhun soňky aýlarda uçarlar bilen baglylykda bolup geçen tehniki meseleler we heläkçilikler sebäpli ýylyň ahyrynda işden gitmekçidigini habar berdi. Bu barada «1prime.ru» saýty ýazýar.

Kelhun bu barada «Boeing» kompaniýasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýanatynda habar berdi.

Onuň ýerini Stiw Mollekopf eýelär. Ol öň ykjam telefonlar üçin kiçigurluşlary öndüriji «Qualcomm» kompaniýasynyň baş direktory wezipesini eýeledi.

«Boeing» uçarlary bilen bagly kynçylyklar 2024-nji ýylyň başyndan bäri yzygiderli dowam edýär. Kompaniýanyň uçarlary tehniki näsazlyklar sebäpli gonduryldy. Los-Anjelesde uçuş wagty uçaryň tekeri sypyp, ýere gaçdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň