Türkmenistan Parlamentara Bileleşiginiň mejlisine gatnaşdy

16:0025.03.2024
0
10971

24-nji martda Ženewada Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji mejlisi geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Parlamentara Bileleşiginiň 148-nji mejlisine Türkmenistana wekilçilik edýän Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa öz beýanynda ýurduň dünýä we sebit derejesinde, şol sanda parlamentara diplomatiýasy arkaly öňe sürlen parahatçylygy we ynamy güýçlendirmek üçin amaly başlangyçlara ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi barada belläp geçdi.

D.Gulmanowa öz çykyşynyň dowamynda BMG we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda alnyp barylýan işleriň ýurtdaky gender deňligini üpjün etmäge oňyn täsir edýändigini aýtdy.


Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Parlamentara bileleşiginiň baş müdiri Martin Çungong bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar şeýle halkara çäreleriniň ähmiýetiniň uludgyny bellediler. Taraplar Parlamentara bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklar barada belläp, bilelikdäki çäreleri geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Degişli ugurlar boýunça käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň wekilliýeti Parlament agzalarynyň forumyna gatnaşdylar we çärä gatnaşyjylary Türkmenistanyň halkara syýasaty ugrunda bolup geçýän wakalar bilen tanyşdyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň