BMG Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdi

00:4424.03.2024
0
15334

BMG-niň ştab-kwartirasyndan Türkmenistana hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, Kararnama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentini bu täze syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Şeýle-de wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, şeýle hem bu işleri halkara derejesinde geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlaryna ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi.

--- BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr --- diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

--- Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr --- diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli ildeşlerini bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň