Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirýär

11:0223.03.2024
0
12617

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Makroykdysadyýet boýunça geçiriljek II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Şeýle hem institut ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny 2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Dünýä ykdysadyýeti boýunça geçiriljek II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiadalar bilen baglanyşykly maglumatlar we bildirişler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň resmi (https://tsiem.edu.tm/) web-saýtyna ýerleşdirilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlaryny «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirkizaman meýilleri» atly 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinde onlaýn görnüşinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara ylmy-amaly maslahat bilen baglanyşykly maglumatlar we bildirişler Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň resmi (https://tsiem.edu.tm) web-saýtyna ýerleşdirilen.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň