Aşgabatda «Oskaryň» konserti gaýtadan geçiriler

09:4221.03.2024
0
17057

Köp sanly aýdym-saz söýüjileriň haýyşlary boýunça Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk etmegindäki Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Aşgabatda «Oskar» baýragyna mynasyp bolan filmleriň sazlary gaýtadan ýaňlanar.

Konsert 31-nji martda Mukamlar köşgünde geçiriler.

Başlanýan wagty: sagat 18:00-da.

Giriş peteklerini satyn almak üçin şu telefon belgiler arkaly ýüz tutmaly: (+993 12) 22-38-98; 51-41-57; (+993 63) 46-71-77; (+993 64) 03-74-56.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Oskaryň» filmleriniň sazly konserti ilkinji gezek geçirilende hem diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň