Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bahar» tikinçilik öýi TSSE-niň Sergi merkezinde geçýän moda görkezilişinde lybaslarynyň täze kolleksiýasyny tanyşdyrdy

12:4818.03.2024
0
27687

18-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän serginiň çäklerinde «Bahar» tikinçilik öýi lybaslarynyň «Bahar gülleri» atlandyrylýan täze kolleksiýasyny köpçülige tanyş eder.

Türkmen milli zenan lybaslarynyň baý mirasyndan ylham alan «Bahar» tikinçilik öýüniň dizaýnerleri oňa häzirki zaman elementlerini goşmak bilen, lybaslaryň çeperçiligini sazlaşykly beýan etmegi başarypdyrlar.

Kolleksiýanyň 10 dürli lybasy — bu ajaýyp siluetlerden, kaşaň matalardan, her bir lybasy hakyky sungat eserine öwürýän özboluşly nagyşlardan ybaratdyr.

«Bahar» tikinçilik öýüne sargyt etmek üçin müşderiler şu salgyda ýerleşýän salona baryp görmäge çagyrylýar: Aşgabat ş., 14-nji tapgyr, G.Ezizow köçesi (öňki Sowhoznaýa), «Çaga» binasy. Telefon belgisi: (+993 65) 64 13 54.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň