Aşgabatda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan sergi açyldy

10:1217.03.2024
0
13874

16-njy martda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli «Al-elwan gülli bahar geldi ilime» atly sergi açyldy.

Sergide muzeýiň gaznasynda ýerleşýän nakgaş, gobilen, haly eserler sergilenýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly haşam kafedrasynyň mugallymy Jeren Çaryýewanyň öz talyplary bilen taýýarlan gobilen önümleri, akademiýanyň mugallymy Hezret Annageldiýewiň kulalçylyk önümleri görkezilýär. Şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary Maral Ataýewanyň, Dyrdymyrat Kulyýewiň talyplary bilen taýýarlan kulalçylyk önümleri, çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Ogulgerek Myradowanyň zergärçilik önümleri sergilenýär.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky çeperçilik mekdebiniň talyplary zergärçilik önümleri, «Zeýnep» milli lybaslar öýi milli egin-eşekler, «Nagyşly güzer» lybaslar öýi milli egin-eşikleri bilen gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň