Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylary gutlady

09:3917.03.2024
0
11344

Şu gün Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Bu waka gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gutlag ýollady. Onda, hususan-da, şeýle ýazylýar:

«Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy, şeýle hem bu sene mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen 16 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatymyzyň ajaýyp miweleridir.

Berkarar döwletimizi, bagtyýar döwrümizi, beýik galkynyşlarymyzy arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär. Bu günki gün beýik şahsyýetlerimiziň pähim-paýhas ummanyndan ruhlanyp, döredijilikli zähmet çekýän türkmen telekeçileri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurda gazanýan üstünliklerinde, ylmyň gazananlaryny, öňdebaryjy tejribäni ähli ulgamlara işjeň ornaşdyrmakda, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygymyzy ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeleýärler.

Hormatly Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!

Biz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etmek bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze kärhanalary gurup işe girizmek, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek boýunça belent maksatlary öňümizde goýduk. Bu maksatlara ýetmek üçin amala aşyrmaly işleriň hatarynda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegi, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegi, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmegi ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitledik. Bu bolsa maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak bilen, döwrebap kärhanalary döretmekde, ýurdumyzyň içerki bazarynyň bolçulygyny üpjün etmäge we döwletimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen täze önümçilikleri ýola goýmakda, iş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hususy pudaga möhüm orun berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr. Olar döwlet tarapyndan döredilýän şertlerden peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň eksportyny yzygiderli artdyrmak arkaly halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Geljekde-de döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen, eziz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmäge, işjeň maýa goýum syýasatyny dowam etdirmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmekde hususyýetçilere uly orun berler.

Hormatly adamlar!

Eziz watandaşlar!

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabymda hem nygtaýşym ýaly, halkymyz, Watanymyz, döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr. Biz bedew batly ösüşleriň mekany bolan eziz Diýarymyzyň ynamly gadamlarynda ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, işewürlik gurşawynyň döwrebap hukuk binýadyny döretmäge, ýokary netijeli innowasion özgertmelere, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasynyň rowaçlanmagyna aýratyn üns bereris. Bu ugurda badalga berlen işleri dowam etdirmek hem-de düýpli taslamalaryň başyny başlamak üçin hususy telekeçilerimiziň mundan beýläk-de yhlasyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy hem-de bu sene mynasybetli serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň