Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär

11:2816.03.2024
0
11999
BMG: 45 ýurt azyk kömegine mätäçlik çekýär
Surat: aa.com.tr

Dünýäniň 45-den gowrak ýurdy bu gün azyk kynçylyklaryny başdan geçirýär. Olaryň 33-si Afrikada, 9-sy Aziýada we 2-si Latyn Amerikasynda we Karib deňziniň sebitinde hem-de 1-i Ýewropadadyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, bu ýurtlar ykdysady kynçylyklar, raýat uruşlary we howanyň üýtgemeginiň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz galdylar. Käbir ýurtlarda harby hereketler sebäpli haýyr-sahawat kömegi çäklendirilendir.

BMG azyk kynçylyklaryny başdan geçirýän ýurtlaryň sanawyny ýylda üç gezek täzeleýär diýip, «24KZ» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň