Soňky habarlar

Arhiw

Tokioda Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumy geçiriler

04:3916.03.2024
0
13194

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 27-nji martynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde meýilleşdirilen Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag we logistika, şeýle hem hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalar.

Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýada geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň döwletiň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli geçirilýän sergileriň, işewürler maslahatlaryň we forumlaryň hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

Döwlet Baştutany Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürler forumyny ýokary guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň