14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:3614.03.2024
0
11995

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny açdy, Gurbanguly Berdimuhamedow türki dünýäsiniň ruhy mirasyny ýaşlara geçirmäge çagyrdy, Türkmenistanyň wekilleri Soçide geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna işjeň gatnaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy. Täze zawod Türkmenistanda gurluşyk üçin zerur bolan sementiň ýokary öndürijilikli, tygşytly we ekologiýa taýdan arassa önümçiligini üpjün eder.

2. Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamyň bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugrudygyny aýtdy. Türkmenistanda halk häkimiýetliliginiň ýokary wekiliçilikli edarasynyň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, türki halklar diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Ol bu köklere, maşgala gymmatlyklaryna, ýaşululary hormatlamaga, däp-dessurlara wepalylygyň dowam etdirilmeginiň, watançylyk duýgusynyň we borja ygrarlylygyň zerurdygyny aýtdy. Dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaşlarda geçmişe söýgi döretmek we olara müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasy geçirmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

3. Türkmenistanyň wekilleri Russiýanyň Soçi şäheriniň «Sirius» federal çäginde geçirilen Bütindünýä ýaşlar festiwalyna işjeň gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň, ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ÝUNISEF-iň we Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wekilleri girdi. 150-den gowrak ýurduň wekillerini ýygnan sungat we halk-çeperçilik ýarmarkasynda türkmen wekiliýeti milli lybaslaryny, saz gurallaryny, şaý-sepleri we ýadygärlik sowgatlary tanyşdyrdylar.

4. Wenadaky Awstriýanyň Ykdysady palatasynda geçirilen türkmen wekiliýetiniň we Awstriýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan awstriýaly işewürlere Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmegine gatnaşmagy teklip etdi. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy arkaly Ýewropa gaz ibermek taslamasyna ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen wekilleriniň belleýişleri ýaly, bu ugurda eýýäm Ýewropa Bileleşigi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk guruldy.

5. 2024-nji ýylyň 17-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Russiýa Federasiýasynyň raýatlaryna ses bermek çäresi barada anyk maglumatlary berdi. Saýlaw güni, 17-nji martda sagat 8:00-dan 20:00-a çenli Türkmenistanyň dürli şäherlerinde 5 saýlaw uçastogy açylar – Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda, Maryda we Daşoguzda. Saýlawlara gatnaşmak üçin 18 ýaşyna ýeten Russiýa Federasiýasynyň raýatlary hakyky rus pasportyny (içerki, daşary ýurt, resmi ýa-da diplomatik) görkezmeli. Türkmenistandaky russiýalylar üçin uzak aralykdan elektron ses bermek mümkinçiligi göz öňünde tutulmaýar. Saýlawlar baradaky möhüm habarlar ilçihananyň saýtynda we sosial ulgamlarda çap ediler.

6. «Heinz Arabia» kompaniýasy üwmeç bilen baglanyşykly näsazlyklardan goraýan dünýädäki ilkinji ätiýaçlandyryş polisini döretdi. Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşaýjylary indi eşikleriň, halylaryň, diwar kagyzlarynyň we hatda öý haýwanlarynyň üstüne dökülen sous tegmilleri üçin öwez tölegini alyp bilerler. Köýnege üwmejiň dammagyndan başlap, agşamlyk lybasyň zaýalanmagyna çenli 57 dürli «şowsuz waka» indi üwmeji gowy görýänleriň gününi bozmaz. «Heinz» «çalt we kynçylyksyz» öwez dolmaklygy wada berýär, ol arassalaýyş hyzmatlaryny we hatda spa bejergisini hem öz içine alyp biler.

7. Los-Anjeselesdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň amerikan alymlary sesini ýitiren adamlara gaýtadan gürlemäge kömek edip biljek innowasion plastyr döretdiler. Kiçijik, suw geçirmeýän plastyr bokurdak meýdanyndaky derä berkidilýär. Ol damak myşsalarynyň hereketlerini kesgitleýär we olary elektrik signallaryna öwürýär. Maşyn öwrenmek algoritmi bu signallary kabul edýär we söze öwürýär. Plastyr 8 meýletinçide synag edildi. Ol ýagdaýlaryň 95%-de jümleleri üstünlikli kesgitledi. Enjam hereket wagtynda hem işledi.

Sport habarlary

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Gazagystan bilen boljak ýoldaşlyk duşuşygynyň öňüsyrasynda toparyň soňky düzümi we Eýran bilen boljak oýunlara taýýarlyk barada gürrüň berdi. – Biz häzirki wagtda iň amatly taýýarlyk derejesi bolan we taktikamyza laýyk gelýän oýunçylary türgenleşik ýygnanyşygyna çagyrdyk. Legionerler hem ýakyn wagtda bize goşular – diýip, milli ýygyndy toparyň metbugat gullugy Orazowyň sözlerini getirýär. – Biziň maksadymyz iň ýokary taýýarlygy gazanmak we öňümizdäki oýunlarda mynasyp netijeleri görkezmek – diýip, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi sözüniň üstüne goşdy. Ýatlatsak, Orazowyň şägirtleri şu gün, 14-nji martda Gazagystanyň milli ýygyndysyna garşy oýnarlar. Oýun ýapyk tertipde geçiriler.

9. UEFA Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna gatnaşyjylaryň hemmesi kesgitlenildi. Ýaryşyň soňky çärýek finalçysy Ispaniýanyň «Atletiko» futbol topary bolup, ol 1/8 finalda penalti urgulary tapgyrynda Italiýanyň «Inter» toparyny ýeňdi. Günüň beýleki oýnunda Germaniýanyň Dortmund şäheriniň «Borussiýa» topary öz meýdançasynda Niderlandlaryň «PSW» toparyndan üstün çykdy. Ondan öň Çempionlar ligasynyň çärýek finalyna Angliýanyň «Arsenal» we «Mançester Siti», Ispaniýanyň «Barselona» we «Real», Germaniýanyň «Bawariýa» hem-de Fransiýanyň «PSŽ» toparlary çykypdylar. Çärýek final oýunlarynyň bije çekişligi 15-nji martda geçiriler. Ilkinji duşuşyklar 9-njy we 10-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 16-njy we 17-nji aprelde bolar. Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda Londonyň «Wembli» stadionynda geçiriler.

10. Türkmen futbolçylary Teýmur Çaryýewiň we Süleýman Muhadowyň çykyş edýän gyrgyz «Abdyş-Ata» topary AFK Kubogynyň sebitara ýarymfinalynyň ikinji oýnunda Taýwanyň «Taýçung Futuro» toparyndan myhmançylykda 3:1 hasabynda üstün çykdy. Çaryýew başlangyç düzümde oýna çykdy, Muhadow bolsa 61-nji minutda Ernist Batyrkanowyň ornuna meýdança çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň