Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 17 göterim artdy

12:2513.03.2024
0
10880

2023-nji ýylda Türkmenistanyň çäginden geçen üstaşyr ýükleriň möçberi 17 göterim artdy. Şu ýylyň fewral aýynda hem üstaşyr ýükleriň möçberi artdy. 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 göterim ýokary boldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň habar berşi ýaly, gümrük amallarynyň doly awtomatlaşdyrylmagy we gümrük barlagyndan döwrebap enjamlaryň ulanylmagy Türkmenistanyň gümrük geçiş nokatlarynda ulag serişdeleriniň bökdençsiz geçmegini üpjün etmegiň mümkinçilik berýär.

2020-nji ýyldan bäri üstaşyr ýükleriň möçberi 206 göterim artdy. Şunda awtoulaglar arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 585 göterim, demir ýol ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi bolsa 104 göterim ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň