Hindistanyň Mumbaý şäherinde geçen «Dünýä gözeli» gözellik bäsleşiginde Çehiýanyň wekili Kristina Pyşkowa ýeňiji boldy. Bu barada «Interfax.ru» habar berdi.
Kristina Pyşkowa 24 ýaşynda, hukuk ugrundan okaýar. Ol gözellik modeli bolup işleýär we meýletinçilik bilen meşgullanýar. Tanzaniýada garyp çagalar üçin hususy mekdebini açdy.
Kristina Pyşkowa Çehiýanyň taryhynda «Dünýä gözeli» bolan ikinji gyzdyr.