Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

20:3509.03.2024
0
13723
Türkmenistan bilen Halkara Energetika Agentligi hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Surat: mfa.gov.tm

Pariž şäherinde ýerleşýän Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) baş edarasynda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew bilen HEA-nyň Ýerine ýetiriji direktory Dr.Fatih Birolyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 6-njy martda bolan duşuşygyň esasy meselesi Türkmenistan bilen HEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürilmegi hem-de HEA-nyň 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara Forumyna (TEIF 2024) gatnaşmagy boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Çaryýew Dr. Birola foruma gatnaşmagy üçin türkmen tarapynyň resmi çakylygyny gowşurdy. Ol HEA-nyň Foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň Türkmenistanyň energetika pudagyndaky başlangyçlarynyň halkara derejesinde goldanylýandygyna şaýatlyk etjekdigini nygtady.
Dr. Birol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Global Metan Ylalaşygyna goşulmak baradaky soňky başlangyjyna, şeýle hem COP28-de yglan edilen beýleki halkara ekologik başlangyçlara HEA-nyň ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Parižde gyzyklanma bildirýän taraplar, halkara donorlar we hyzmatdaşlar bilen mundan beýläkki ädimleri maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtap, HEA-nyň Türkmenistany dünýäniň gün tertibine degişli uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmekde giňden goldamaga taýýardygyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň