Top.Mail.Ru

Ýaponiýada uçýan awtoulaglar öndürilip başlandy

08:5709.03.2024
0
10942
Ýaponiýada uçýan awtoulaglar öndürilip başlandy
Surat: gazeta.ru

Ýaponiýanyň «Suzuki» we «Skydrive» kompaniýalary bilelikde uçýan awtoulaglaryň önümçiligine başladylar. Bu barada kompaniýalaryň habarnamasyna salgylanýan TASS habar berdi.

«SKYDRIVE (SD-05)» atly ulag bilen Osaka şäherinde geçjek «Expo-2025» sergisinde tanyşdyrarlar.

«Biz uçýan ulagyň önümçiligine ýarym ýyldan gowrak taýýarlandyk. Biz howa gatnawynda özgerişlik etmek ugrunda has-da yhlasly işläris» diýip, «Skydrive» kompaniýasynyň başlygy Tomohiro Fukudzawa gürrüň berdi.

«SKYDRIVE (SD-05)» howa ulagy uçarmany goşmak bilen, üç adamlykdyr. Ulag 12 sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, kese we dik uçmaga ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 100 kilometr, uçuş uzaklygy 15 kilometre deň.

Uçýan ulag 2026-njy ýyldan başlap, satuwa çykarylar. Munuň üçin ol ýörite synaglardan geçirilip, degişli güwänama alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň