Ýakynlaryňy gutlamak, maşgalada baýramçylyk şatlygyny döretmek üçin ýeke-täk sebäp 8-nji mart däldir. Ýylyň bütin dowamynda-da maşgala, söýgä we birek-birege bolan hormata bagyşlanan başga-da köp sanly seneler bar. Has takygy, ene-atalaryň, ejelerdir kakalaryň, maşgalanyň we çagalaryň — her kimiň öz baýramçylyk günleri bar.
26-njy ýanwar — Çatynjalar güni. Bu resmi derejede baýram edilmese-de, köp adamlar üçin möhüm baýramdyr. Bu goş birikdiren agzybir ojakly maşgalalara bagyşlanyp, gatnaşyklaryň has-da mäkämleşmegini, gymmatyny ýada salýar, şeýle hem onuň sebäpkärleriniň öz ýaryna bolan ähmiýetini, ünsüni artdyrmaga mümkinçilik berýär.
10-njy aprel — Doganlar güni. Dogan ýa-da aýal dogan diňe bir garyndaş däl, eýsem dost, ykbalyň beren sowgady diýýärler. Bu baýram durmuşymyzy biziň bilen paýlaşýanlary ýada salmak we söýgüsi, goldawy hem ýagdaýymyza düşünişi üçin minnetdarlyk bildirmäge ajaýyp mümkinçilikdir.
25-nji aprel — Gyzlar güni. Bu baýram gününi örän köp adamlar halaýarlar. Ol ene-ata çäksiz söýgi, alada we näziklik bagyş edýänlere — gyzlara bagyşlanýar.
2024-nji ýylyň 12-nji maýy — Eneler güni. Her ýyl maý aýynyň ikinji ýekşenbesinde dünýäde iň bir täsirli baýramçylyklaryň biri bolan Eneler güni bellenilip geçilýär. Taryhy uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýan bolsa-da, häzirki wagtda bu baýramçylyk dürli medeniýetleriň we yklymlaryň adamlaryny birleşdirýär, ol Ýer ýüzündäki iň eziz adamlara çäksiz minnetdarlygy we söýgini bildirmäge şertdir.
15-nji maý — Halkara maşgalalar güni. Bu baýram BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda maşgala meselelerine ünsi çekmek we olaryň ýagdaýyna täsir edýän sosial-ykdysady we demografiki proseslerden habarly bolmak maksady bilen döredildi.
1-nji iýun — Bütindünýä ene-atalar güni. BMG tarapyndan 2012-nji ýylda döredilen bu baýramçylyk bize durmuş, söýgi we mähir bagyşlaýanlara — ene-atalarymyza hormat goýmagyň nyşanydyr. Bütindünýä ene-atalar güni olaryň eden ähli bimöçber tagallalary üçin sagbolsun aýtmaga iň amatly pursatdyr.
2024-nji ýylyň 16-njy iýuny — Kakalar güni iýun aýynyň üçünji ýekşenbesinde dünýäniň köp ýurtlarynda bellenilýär.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 1909-njy ýylda Sonora Smart atly bir aýal Kakalar gününiň döredilmegini teklip edipdir. Ejesi aradan çykandan soň, ol alty çagany ýeke terbiýelän kakasy William Smarta minnetdarlyk bildirmek isläpdir. Baýram tutuş ýurt boýunça giň gerime eýe bolupdyr. 1966-njy ýylda bolsa Kakalar güni ABŞ-da milli baýramçylyga öwrüldi.
Kakalar gününiň nyşany gül hasaplanýar: bu günde ony baýram edýän adamyň kakasy diri bolsa gyzyl geýinýär, eger ýok bolsa ak geýimde bolýar.
26-njy iýul — daýylar we daýzalar güni. Baýramçylyk senenamasynda ýakyn garyndaşlara — daýylara we daýzalara bagyşlanan täze baýram güni peýda boldy. Bu günde daýylaryňyza we daýzalaryňyza jaň etmegi ýatdan çykarmaň, olara sag bolsun aýdyň we işlerinde üstünlik arzuw ediň.
2024-nji ýylyň 27-nji oktýabry — Halkara gaýyneneler güni oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Resmi däl, emma bu köp giýewleriň söýgüli baýramçylygy!
Gelip çykyşy degişmä ýugrulan waka bilen bagly. Aýdylyşyna görä, 1930-njy ýyllarda ABŞ-da Eneler güni ýaly özbaşyna baýram bolsun diýlip oýlanyp tapylypdyr. Köp ýyllaryň dowamynda bu ideýa ABŞ-dan has giň gerim alyp, iňlisçe gepleýän ýurtlaryň aglabasyna ýaýrady.
2024-nji ýylyň 2-nji noýabry — Bütindünýä erkekler güni noýabr aýynyň birinji şenbesinde bellenilýär. Baýram 2000-nji ýylda Mihaýil Gorbaçýowyň başlangyjy bilen döredildi.
19-njy noýabr — Halkara erkekler güni. Bu baýram erkekleriň maşgalada we jemgyýetdäki möhüm ornuny nygtaýar. Ol ilkinji gezek 1999-njy ýylda Trinidad we Tobago respublikasynda bellenildi. Häzirki wagtda baýramçylyk dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda bellenilip geçilýär.
22-nji noýabr — Ogullar güni — bu ogullaryňyz bilen şatlygyňy, mähriňizi paýlaşmak, bilelikde wagtyňyzy maşgala bolup hoş geçirmek üçin ajaýyp pursat.
Birnäçe ýurtda maşgala baýramçylygyna bagyşlanan milli günleriň resmi ýagdaýda bellenilýändigini bellemelidiris.