Aşgabat — Milan — Aşgabat göni howa gatnawy ýola goýuldy

10:3707.03.2024
0
21970

Aşgabat Halkara howa menzilinden dünýä şäherleriniň ýene birine ― Italiýanyň Milan şäherine göni uçar gatnawy ýola goýuldy. Mundan beýläk türkmenistanlylar Aşgabatdan Italiýanyň bu gadymy we döwrebap şäherine göni howa gatnawy bilen baryp bilerler diýlip, «Türkmenistanhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy hepdede iki gezek Aşgabat ― Milan ― Aşgabat ugry boýunça ýokary derejeli we elýeter bahaly göni uçuşlary hödürleýär. Bu ugur boýunça petekleri onlaýn görnüşde-de, kassalardan hem satyn alyp bilersiňiz.

Ozal Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawynyň ýola goýlandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň