Soňky habarlar

Arhiw

27-28-nji martda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara forum geçiriler

07:2102.03.2024
0
25134

Şu ýylyň 27-28-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 1-nji martdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, bu foruma ugurdaş halkara düzümleriň, ýurduň iri syýahatçylyk guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar. Wekillere Arkadag şäheri, täsin taryhy-medeni ýadygärlikler, muzeýler, umuman, ýurduň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaklary üçin şertler dörediler.

Şeýle hem myhmanlary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasyna gatnaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Halkara maslahatyň çäklerinde iş duşuşyklaryny, ylmy-amaly maslahaty, syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek dabaralaryny guramak hem göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň tebigy aýratynlyklaryny nazara alyp, taryhy ýadygärlikler we medeni gymmatlyklar bilen tanyşdyrýan syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň