Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar

07:0402.03.2024
0
7697

Türkmenistanda elektron neşirleriň sanyny artdyrmak, pudaga degişli elektron saýtlary häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän maglumatlar bilen üpjün etmek, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň döwlet maksatnamalaryndan we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda şeýle hem Germaniýanyň muzeýlerinde Parfiýa we Seljuk şalyklarynyň arheologik sergisini guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Medeniýet ministrliginiň wekilleri bilen Berlin şäheriniň Täze muzeýiniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly ulgam arkaly iş duşuşygynyň geçirilendigi barada aýdyldy. Fewral aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Hasabat döwründe teatrlaryň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hem habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen birlikde, baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek barada tabşyryklar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň