Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

04:5101.03.2024
0
13526

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

"Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Siziň uly goşandyňyz hem-de aýratyn ünsüňiz üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň