28-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

10:3328.02.2024
0
18241

Sankt-Peterburg şäherinde Magtymgulynyň mirasyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi, Türkmenistanyň bilen Bütindünýä banky hususy pudaga maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-de gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlendi we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Sankt-Peterburg şäherinde «Türkmenistan. Magtymguly Pyragynyň beýik mirasy» atly giň gerimli medeni-bilim çäresi guraldy. Çäre Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň Mermer zalynda geçirildi. Medeni çäre beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Sankt-Peterburgyň merkezinde onuň ýadygärliginiň açylmagynyň öňüsyrasynda bagyşlandy.

2. Aşgabatda türkmen telekeçileri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bilen ýurda iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Taraplar türkmen bazaryna daşary ýurtlardan maýa goýumlary çekmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi.

3. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda «Talyp gözeli – 2024» milli gözellik bäsleşiginiň institut tapgyrynyň ýeňijisi saýlanyldy. Bäsleşige halkara gatnaşyklar, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar we halkara žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça halkara žurnalistika fakultetiniň birinji ýyl talyby Leýli Myradowa ýeňiji boldy.

4. Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Katara amala aşyrylýan iş saparynyň çäklerinde Dohada katarly kärdeşleri bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy iş saparyň dowamynda «Qatar Foundation» gaznasynyň ýokary bilim bölüminiň başlygy Fransisko Marmoleho, guramanyň aspirantura bölüminiň müdiri Abir Al Halifa we Kataryň milli kitaphanasynyň müdiri Hamad Al Kawari bilen duşuşdy. Duşuşyklarda bilelikdäki ylmy maslahatlary, tejribelik we iş saparlaryny öz içine alýan ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

5. 18 – 25-nji fewral aralygynda Kuala-Lumpur şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi. Şu ýyl oňa dünýäniň 50 döwletinden 1000-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaşyp, üç ýaş toparlarynda 6 ugur boýunça bäsleşdiler. 15 sany zehinli mekdep okuwçysyndan ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndysy 10 sany baş baýraga, 6 sany altyn, 5 sany kümüş, 11 sany bürünç medala mynasyp bolup, özleriniň ajaýyp bilim we iňlis dilinde erkin gürlemek başarnyklaryny görkezdiler.

Dünýäde

6. «Lenovo» kompaniýasy ýarym dury ekranly «ThinkBook» noutbugynyň prototipini hödürledi. Onuň esasy aýratynlygy gara reňkde düýbünden dury bolmaga ukyply 17,3 dýuýmlyk «MicroLED» displeýe eýe bolmagydyr. Klawiaturanyň ýerine ikinji dury sensorly panel ulanylýar. «Lenovo» «ThinkBook» noutbugyny şekilden gözüni aýyrmaly däl suratkeşler üçin gural hökmünde tanyşdyrdy, şeýle hem sensorly panel grafiki planşet hökmünde ulanylyp bilner.

7. Uoll-stritiň ykdysatçysynyň dul aýaly, 93 ýaşly Rut Gottesman Bronksdaky Albert Einşteýn adyndaky Lukmançylyk kollejine 1 milliard dollar peşgeş berdi. Haýyr-sahawat maksatly serişdeler ähli geljekki talyplaryň okuw çykdajylaryny ýapmak üçin ulanylar. Bu ABŞ-nyň taryhynda bilim edarasyna gönükdirilen iň uly haýyr-sahawat peşgeşleriniň biridir we, ähtimal, lukmançylyk mekdebine berlen iň uly serişdedir.

Gottesman baýlygyny merhum äri Dewidden miras aldy. Ol Uorren Baffetiň howandarlygyndaky (proteže) hünärmendi.

Sport habarlary

8. Basketbol boýunça Türkmenistanyň erkekler we zenanlar ýygyndysy Litwada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Ýygyndy toparlar öňde boljak halkara ýaryşlara taýýarlanýarlar. Litwanyň Palanga şäherindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna dürli ýaş derejelerindäki Türkmenistanyň ýygyndylary gatnaşýarlar. 18 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň ýygyndysy dünýä birinjiligine taýýarlyk görýär. 23 ýaşa çenli erkekler we zenanlar ýygyndylary bolsa «Milletler Ligasy – 2024» halkara ýaryşyna taýýarlanmak üçin türgenleşikleri geçirýärler. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan soňra erkekler ýygyndysy 29-njy fewral – 10-njy mart aralygynda Amsterdamda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşmak üçin ugrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň