Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi

18:5127.02.2024
0
21454
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.af

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabatda iş saparynda bolýar. Şu gün owgan wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Mottaki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ýük gatnawlaryny artdyrmak, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri daşamakda owgan işewürlerine has köp mümkinçilikleri döretmek barada giňişleýin pikir alşyldy.

Owgan tarapy Turgundi demir ýol menziliniň iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawlarynda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, özara söwdany we üstaşyr ýükleriň gatnawyny artdyrmak üçin türkmen maýa goýumynyň hasabyna agzalan demir ýol menzilini döwrebaplaşdyrmaga we onuň ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle-de Amir Han Mottaki «Lapis — Lazuli» halkara ulag geçelgesini işjeňleşdirmek üçin oňa gatnaşyjy beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mämmethan Çakyýew iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda, esasanam, ulag we logistika pudagynda köp işleriň edilýändigini, gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini nygtady. Hususan-da, ýakyn wagtda Türkmenistan bilen Owganystanyň demirýol guramalarynyň arasynda şertnama gol çekilenden soňra türkmen tarapynyň Turgundi demir ýol menziliniň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin gurluşyk işlerine başlajakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory owgan tarapyna Turgundi demir ýol menziline maýa goýmakda türkmen tarapyna amatly şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mundan başga-da, M.Çakyýew «Lapis — Lazuli» halkara ulag geçelgesiniň örän möhüm ähmiýete eýe meseledigini belläp, bu ugurda taslama gatnaşyjy bäş ýurduň arasynda mejlisiň geçirilmelidigini, şol mejlisde gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ederalarynyň we gümrük gulluklarynyň hünärmenleriniň bu möhüm ugry dikeltmegiň ýollary barada giňişleýin pikir alyşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Şeýle-de duşuşygyň çäginde ýakyn wagtda Owganystanyň söwda we senagat ministriniň ýolbaşçylygyndaky işewür wekiliýetiň Türkmenistana geljekdigi we olaryň Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşjakdyklary bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň