Soňky habarlar

Arhiw

Türki akademiýasynyň wekiliýeti mart aýynda Türkmenistana geler

13:3927.02.2024
0
25994

Astanada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow bilen Türki akademiýasynyň başlygy Şahin Mustafaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ilçihananyň Metbugat gullugy habar berdi.

Türki akademiýasynyň başlygy TÜRKSOÝ-a agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda geçirljek «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin wekiliýet ibermek isleýändigini aýtdy.

Ilçi söhbetdeşine 2024-nji ýylda Türkmenistanda görnükli türkmen nusgawy şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan iki sany halkara forumyň geçiriljekdigini habar berdi.

Duşuşykdan soň Türkmenistan bilen Türki akademiýasynyň arasynda medeni gepleşikleri we hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň