Soňky habarlar

Arhiw

GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler

12:2027.02.2024
0
20551
GAR-da gülgün reňkli pili surata düşürdiler
Surat: vfokuse.mail.ru

Ýabany tebigaty surata alýan fotograf Teo Pitgiter Günorta Afrika Respublikasyndaky Krýugeriň milli seýilgähinde gülgün reňkli pil çagasyny surata düşürdi. Ol deriniň we tüýüň reňkiniň üýtgemegine getirýän seýrek genetiki keselli albinos pil çagasydyr. Pilleriň arasynda bu kesel örän seýrek, on müňden bir duşýar.

Adatça albinos-haýwanlar uzak ýaşamaýarlar, sebäbi bu kesel olaryň görejine zeper ýetirýär, galyberse-de, olaryň açyk reňkini ýyrtyjylar oňat saýgaransoň, heläk bolýarlar. Olary sürüdäki beýleki haýwanlar hem ýekirýärler.

Emma gülgün afrikan piljagazyny sürüde oňat görýärler, ol beýlekiler bilen agzybir otlap ýör. Onsoňam bu seýilgähdäki ýeke-täk albinos pil däl, şeýle gülgün pil çagalarynyň öň hem biri bu ýerde bar.

Bu barada «Mail.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň